Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2023: üç günde iki duşuşyk geçiriler

11:3829.09.2023
0
35307

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy resmi saýtynda Ýokary liganyň 17-nji we 13-nji tapgyryndaky iki duşuşygyň geçiriljek günleri barada habar berdi.

Çeşmäniň ýazmagyna görä, 17-nji tapgyrdaky «Nebitçi» ― «Köpetdag» duşuşygy şu gün ― 29-njy sentýabrda geçiriler. Balkanabat şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşyk öýlän sagat 17-de başlanar. Paýtagtly Akmyrat Gurbanow bu duşuşygyň emini bolar. Oňa daşoguzly H.Abdyýazow bilen maryly M.Şanazarow kömek berer.

13-nji tapgyryň çägindäki «Merw» ― «Altyn asyr» duşuşygy bolsa 1-nji oktýabrda geçiriler. Bu duşuşygy Mary şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirmek we ony sagat 16-da başlamak meýilleşdirilýär.

Paýtagtly Jumamyrat Jumamyradow duşuşygyň baş emini bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň