Mahaçkalanyň «Dinamo» futbol toparynyň oýunçysy Serder Serderow baş tälimçi Gurban Berdiýew barada pikirlerini paýlaşdy.
«Berdiýew ― örän adyl tälimçi. Ol gatyrganmaly ýerinde gatyrganýar, öwmeli ýerinde hem öwgüsini gaýgyranok. Futbolçylaryň ikinji atasy bolup bilýär. Her bir futbolça aýry-aýry çemeleşmeli, munuň şeýledigini bizem bilýäris. Her kime bir göz bilen garap bilmersiňiz» diýip, «Ýewro-futbol» ýarym goragçynyň aýdanlaryny mysal getirýär.
Türkmenistanly tälimçi «Dinamo» toparyna şu ýylyň iýulyndan bäri tälim berip gelýär. Mahaçkala şäheriniň topary onuň ýolbaşçylygynda 11 duşuşykda toplan 21 utugy bilen Birinji ligada «Alaniýadan» soň ikinji orny eýeleýär.