Turkmenportal logo
28.09.23
3289032890
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ankaradaky belent binada türkmen baýdagy şekillendirildi

Çarşenbe güni Ankaranyň merkezindäki iň beýik binalaryň birinde - Türkiýäniň Söwda-senagat palatalarynyň we alyş-çalyş birleşiginiň binasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy şekillendirildi.


Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan bu dostlukly hereket türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini görkezdi diýip, «ORIENT» Türkiýedäki türkmen ilçihanasyna salgylanyp habar berdi.


140 metr beýiklikdäki Türkiýäniň Söwda-senagat palatalary we alyş-çalyş birleşigi Ankaradaky iň beýik binalaryň biri hem-de Türkiýäniň söwda merkezi bolup durýar.


Şeýle hem, çeşmäniň habaryna görä, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkiýäniň Newşehir şäherinde birnäçe çäreler geçirildi diýlip, habarda bellenilýär.