«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Aşgabatdaky bölümi bilen birlikde, Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde hem ýük bölümi hereket edýär.
Mary şäherindäki demir ýol menzilinde ýerleşýän sebitleýin ýük bölümi her gün Türkmenistanyň ähli ýerlerine dürli ululykdaky we agramdaky ýollamalary hem-de ýükleri iberýär. Şu ýerde hem polat ýolunyň üsti bilen welaýata getirilen ýükler kabul edilýär.
Müşderilere, şol sanda raýatlara, guramalara, kärhanalara, kompaniýalara iberilen ýükleriň howpsuzlygy we bir günüň dowamynda eltilip berilmegi kepillendirilýär.
Ýükleri ibermek üçin müşderiler şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny (pasport) görkezmeli we habarlaşmak üçin telefon belgisini bermeli. Alyjy hem ýük alynýan wagtynda öz pasportyny görkezýär.
«Türkmenpoçtanyň» bu bölümi ýüküň eltilendigi barada alyja öz wagtynda habar berýär. Goşmaça töleg bilen ony Marydaky müşderiniň salgysyna gönüden-göni eltip bermek hyzmatyndan hem peýdalanmak mümkindir.
«Türkmenpoçtanyň» Marydaky ýük bölüminiň salgysy: Mary şäheriniň demir ýol menzili.
Telefon belgisi: 8 005 22 6 32 16.
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň we onuň ýük bölümleriniň işi barada has anyk maglumatlar bilen kompaniýanyň resmi saýtynda tanşyp bilersiňiz.
Şeýle-de okaň: