Top.Mail.Ru

«Arkadag» toparynyň baş tälimçisi Türkmenistanyň kubogynda «Altyn asyr» bilen bolan duşuşyk barada pikirlerini beýan etdi

03:3628.09.2023
0
32340

«Arkadag» futbol toparynyň baş tälimçisi Begençmuhammet Kulyýew Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygynda «Altyn asyryň» üstünden gazanylan ýeňişden soň duşuşyk barada pikirlerini paýlaşdy. Duşuşygyň paýtagtyň Büzmeýin etrabyndaky 10 müň orunlyk Sport toplumynda geçirilendigini we onuň «Arkadag» futbol toparynyň 4:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandygyny ýatladýarys.

Kulyýew toparynyň duşuşygyň ilkinji minutlaryndan başlap, ynamly oýny orta goýandygyny, sazlaşykly oýnuň netijesinde bolsa basym gol geçirmegi başarandyklaryny aýdyp, oýunçylaryna hoşallyk bildirdi.

«Biz duşuşykdan we onuň netijesinden juda hoşal. Birinji ýarymda gol geçirip, duşuşygyň gidişini öz elimize aldyk. Şeýlelikde, birinji ýarymy bizi kanagatlandyrýan netije bilen tamamladyk. Bu günki garşydaşymyz juda güýçlüdi. Duşuşykda güýçler deňeçer ýagdaýda bolar öýdýärdim. Biz ikinji ýarymyň başynda hüjümi has güýçlendirmek üçin käbir oýunçy çalşyklaryny geçirdik. Edil şeýle taktiki usul «Altyn asyrdan» hem geldi, garşydaşlarymyz oýunda üstünligi öz eline almak isleýärdiler. Ýöne bu gün ― biziň günümiz boldy: 4:1 hasabynda ýeňiş gazandyk» diýip, Kulyýew oýnuň gidişi barada pikirlerini paýlaşdy.

Şeýle hem ol ýarym goragçy Begmyrat Baýowyň ätiýaçlyk düzümde galmagy baradaky sowallara-da jogap berdi.

«Duşuşykdan öň maslahatlaşyp, oňa biraz dynç bermeli diýen karara geldik. Ol her duşuşykda elinden gelenini gaýgyranok. Ähli tabşyryklarymyzy ýerine ýetirýär. Ikinji ýarymda bolsa hüjümi güýçlendirmek üçin ony meýdana goýberdik. Toparymyzyň ätiýaçdaky düzümi hem güýçli. Şonuň üçin hem oýunçy çalşyklary oýnuň gidişine zeper ýetirenok».

Baş tälimçi duşuşykda iki gol geçiren Didar Durdyýewiň adyna hem öwgüli sözleri aýtdy:

«Onuň barha kämilleşýän gol geçirmek ukyby bar. Haçan zerurlyk duýanyňda, ol şol ýerdedir. Hut, şonuň üçin hem köp tapawutlanýar».

Şeýle hem Kulyýew şikes sebäpli birnäçe aýlap meýdana çykyp bilmedik Altymyrat Annadurdyýewiň gaýdyp gelşine begenýändigini aýtdy:

«Biz ondan hoşal. Ilkinji gol, hut, Altymyradyň assisti bilen geldi. Ol doly gutulmak üçin bir aý çemesi göreşdi we okuw-türgenleşik ýygnanyşygymyza gatnaşyp bilmedi. Indi bolsa ol ukyplaryny gaýtadan ykrar etdirmek üçin ýene ýaşyl meýdanda. Meni onuň türgenleşiklerdäki aýratyn höwesi has begendirýär».

Kulyýew sözleriniň ahyrynda hemmeleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy bilen gutlady:

«Bize uly hasapda ýeňiş getiren güne gabat gelen Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýy bilen gutlaýaryn. Her kime saglyk we rahatlyk arzuw edýärin. Biz futbol meýdanyndaky ýeňişlerimiz bilen geljekde hem janköýerlerimizi begendirip durarys».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň