Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanda ýurduň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy giň gerimli dabaralar bilen bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna, soňra dabaraly harby ýörişiň we özygtyýarly ösüş ýyllarynda pudaklar boýunça gazanylan üstünliklere bagyşlanan baýramçylyk ýörişiniň gözden geçirilişine hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Agşam «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada baýramçylyk konserti boldy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar Aşgabatda köpöwüşginli feýerwerk şüweleňi bilen tamamlandy. Ol döwlet Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyny has-da dabaralandyryp, hemmelerde ýakymly täsirleri galdyrdy.