Meksikanyň Kankun şäherinde Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) kongresi tamamlandy. Kongresde bu sport guramasynyň prezidentiniň we geňeş agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Bu çärä Türkmenistan tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy Eziz Döwletow hem gatnaşdy. Ol milli federasiýanyň adyndan ITF-iň täze ýolbaşçylygyna ses berdi. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr habar berýär.
Sesler sanalanda, ITF-niň häzirki prezidenti Deýwid Haggerti uly ses aratapawudy bilen ýeňiş gazandy we 2023-nji ýyldan 2027-nji ýyla çenli üçünji möhlete saýlandy. Kongresiň barşynda ITF-iň wise-prezidenti Luka Santili Türkmen Tennis federasiýasynyň soňky 4 ýylda gazanan üstünliklerini beýleki milli federasiýalar üçin üstünlikli ösüşiň mysaly hökmünde belläp geçdi.
Bu çäräniň çäginde dünýäde tennisi ösdürmäge bagyşlanan iki günlük konferensiýa we milli federasiýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
147 ýurtdan 96 ýolbaşçynyň gatnaşan kongresi işini tamamlanyndan soň, oňa gatnaşanlaryň arasynda jübütleýin tennis ýaryşy geçirildi. Onuň netijelerine görä, Türkmenistan altyn medala mynasyp boldy. Bu medaly milli tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletow hindistanly Aditya Kannany utmak bilen gazandy. Olar jemi 9 ýeňiş gazandy.
Hususan-da, jemleýji oýunda jübüt oýnamakda dünýäniň iň gowy tennisçisi, ýekelikde oýnamakda dünýäniň 19-njy ýeri alan tennisçisi we “Uly tuwalga” ýaryşlarynyň 12 gezek ýeňijisi awstraliýaly meşhur Mark Wudfordyň ildeşimiziň garşydaşy bolandygyny bellemek isleýäris.
Halkara tennis federasiýasynyň täze ýolbaşçysynyň saýlanmagy we konferensiýa mynasybetli geçirilen resmi kabul edişlikde ýaryşyň ýeňijilerine ITF-niň başlygy Deýwid Haggerti medal gowşurdy. Şol ýerde-de ITF-niň komitetlerine we iş toparlaryna ýüz tutmalaryň 2023-nji ýylyň 16-njy oktýabryna çenli dowam etjekdigi yglan edildi. Halkara tennis federasiýasynyň ýolbaşçylarynyň kararyna görä, bu komitetlere we toparlara iň üstünlikli milli ýolbaşçylar saýlanar. Biz hem wekilimiziň 2024-2025-nji ýyllar üçin gaýtadan saýlanjakdygyna umyt edýäris.