Turkmenportal logo
26.09.23
2670826708
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lukman güýz tukatlygyny nädip ýeňmelidigini maslahat berdi
Surat: oir.mobi

Güýz tukatlygy paslyň çalyşmagy netijesinde keýpiň birdenkä üýtgemegi bolup, muňa gün şöhlesiniň azalmagy, howanyň temperaturasynyň peselmegi hem-de ýagyşly howa sebäp bolýar. Bular öz gezeginde bagt gormonlary bolan serotoniniň we dofamoniň işlenip çykarylyşynyň kemelmegine getirýär. Bu barada «SOLGAR» kompaniýasynyň hünärmeni, berhiz lukmany, hutrisiolog Ýelena Fýodorowa gürrüň berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.


«Tukatlyk ýygy-ýygydan ýüze çykýan sowuklama we immunitetiň peselmegi bilen utgaşyp biler. Şonuň üçin iýmitlenişe ýokumlary – antioksidantlary, adaptogenleri goşmak gerek. С ýokumy sitrus miwelerinde, duzlanan kelemde, burçda, smorodinada we beýlekilerde köp duşýar. Е ýokumy ösümlik ýaglarynda, hozlarda, bagyrda bar. D ýokumyny, ženşeniň ekstraktyny iýmitlenişe goşmaly. Güýçli stressde magniniň 400-800 gramyny, Eps duzly magniý wannasyny kabul etmek gerek» diýip, lukman düşündirdi.


«Güýz tukatlygyny ýeňmek üçin 7-8 sagatlyk sagdyn uky wajyp, köpräk gezim etmeli, işjeň bolmaly, oňat naharlanmaly» diýip, lukman sözüniň üstüni ýetirdi.