Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyryň» we «Merwiň» AFK Kubogyndaky öý oýunlaryna petekler satylyp başlandy

13:1626.09.2023
0
41191

AFK Kubogy — 2023/24-iň 2-nji tapgyryndan orun alan «Merw» (Türkmenistan) — «Abdyş-Ata» (Gyrgyzystan) hem-de «Altyn asyr» (Türkmenistan) — «Rawşan» (Täjigistan) oýunlaryna petekler satylyp başlandy. Oýunlaryň ikisi hem 5-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde geçiriler.

Petekleri «Aşgabat» stadionynyň kassalaryndan satyn alyp bilersiňiz. Kassalaryň iş wagty her gün sagat 8:00-dan 21:00-a çenli. Petegiň bahasy — 30 manat. Goşmaça maglumatlar üçin stadionynyň administrasiýasynyň şu görkezilen telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: (+993 12) 95 50 37.

*Bellik: Petekler her oýun üçin aýratynlykda satylýar.

AFK Kubogy 2023/24. Merkezi zolak. «E» toparça:

2-nji tapgyr, 5-nji oktýabr (penşenbe)

Geçirilýän ýeri: «Aşgabat» stadiony

  • 17:00 / «Merw» – «Abdyş-Ata»
  • 21:00 / «Altyn asyr» – «Rawşan»
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň