Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilenlere pasportlar gowşuryldy

22:0425.09.2023
0
83606

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen bu çäre Türkmenistanyň halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryna pugta ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi boldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk, 32 milletiň wekili bolup durýan 1301 adam 22-nji sentýabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

Şeýle-de şol gün döwlet Baştutanynyň gol çeken Kararyna laýyklykda, dünýäniň 13 döwletiniň raýatlary we 25 milletiň wekilleri bolup durýan 265 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.

Belläp geçsek, Türkmenistan bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek meseleleri babatda BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi, Halkara Migrasiýa Guramasy, Halkara Zähmet Guramasy, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň