Keniýanyň günorta-günbataryndaky goraghanada saklanýan žiraflaryň 25-sine GPS nawigatorlar dakyldy diýip, «Habar 24» ýazýar. Bu barha azalýan haýwanlary goramakda kömek eder diýip, hünärmenler aýdýarlar.
Başlangyç bütin ýurtda žiraflaryň ýaşaýan çäklerini öwrenmek maksady bilen durmuşa geçirilýär. Alnan maglumatlar soňra süýdemdirijileri gorap saklamak üçin işlerde peýdalanylar.
Sebäbi 90-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri žiraflaryň sany 80 göterime golaý azaldy.
Mukami Roro, weterinar: - Ýurtda žiraflaryň sany gitdigiçe azalýar. Muňa howanyň üýtgemegi sebäp bolýar. Gurak howa şertleri olaryň adamlaryň ýaşaýan çäklerine göç etmegine getirýär. Ol ýerde žiraflar dürli howplardyr duzaklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.