Turkmenportal logo
25.09.2023
3483334833
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýapon alymlary towuk diliniň terjimeçisini döretdiler

Ýapon alymlary emeli aň esasynda towuk diliniň terjimeçisini döretdiler diýip, «Business Insider» neşirine salgylanýan «Report.az» habar berdi.


Professor Adrian Dewid Çeok munuň üçin «çuň emosional seljerme» tehnologiýasyndan peýdalandy. Ol guşlaryň emosiýalaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.


Alymlar tarapyndan 80 towuk we horaz synagdan geçirildi. Indi guşlaryň dili esasynda olaryň kesgitli wagtda haýran galmany, ruhy sarsgyny, gorkyny başdan geçirýändiklerini, açdygyny ýa dokdugyny anyklap bolýar.


Öň alym Adrian Dewid Çeok smartfonyň üsti bilen posany uzak aralyga geçirmäge synanyşypdy.