Turkmenportal logo
25.09.23
2353723537
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aktýor Maýkl Keýn kinodan gidýändigini habar berdi

Rowaýaty kino aktýory Maýkl Keýn pensiýa çykandygyny we kinodaky işini tamamlandygyny habar berdi diýip, «Film.ru» ýazýar.


Goja aktýor bu barada «The Telegraph» neşiri bilen söhbetdeşliginde: «Men 90 ýaşymda, oňly ýöräbem bilemok. Indi pensiýada diýsemem boljak» diýip, degişdi.


Şu ýyl Keýniň çykyş eden «Beýik gaçgak» atly komediýasy prokata çykar. Onda garrylar öýünden gaçyp, Fransiýada ýerlenen söweşdeş ýoldaşlaryny hatyralamaga gidýän Ikinji jahan urşunyň weterany barada gürrüň berilýär.


Keýn kinoda 100-den gowrak keşp döretdi, iki gezek «Oskar» baýragyna mynasyp boldy.