Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna gutlag hatyny iberdi

11:3323.09.2023
0
41119

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda we ýurduň ähli halkyna Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi diýlip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Biz ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklara ýokary baha berýäris - diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow olary täze mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin bilelikdäki tagallalary dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy, şeýle hem bu gatnaşyklaryň iki halkyň röwşen geljeginiň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we giňeldiljekdigine berk ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, Saud Arabystany Patyşalygynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Goý, Gudraty Güýçli Allatagala Size ýurduňyzyň we külli musulman ymmatynyň bähbidine gönükdirilen ähli asylly başlangyçlaryňyza hem-de maksatlaryňyza medet bersin! - diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow dileglerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň