Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni bilen gutlady

11:2623.09.2023
0
37198

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny bellemek guwandyryjydyr - diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda ýazýar.

Şeýle-de türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýändigini we ony hil taýdan ýokary derejä çykarmaga taýýardygyny beýan edip, bu gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň iki ýurduň halklarynyň bähbidine hyzmat etjekdigine berk ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, Saud Arabystany Patyşalygynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Goý, Gudraty Güýçli Allatagala Size ýurduňyzyň we külli musulman ymmatynyň bähbidine gönükdirilen ähli asylly başlangyçlaryňyzda hem-de maksatlaryňyzda medet bersin! - diýip, Türkmenistanyň Prezidenti iberen hatynda belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň