Marydaky Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Birleşen Arap Emirlikleriniň «Masdar» kompanýasynyň wekilleriniň Türkmenistana bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri pudagynda taslamalary durmuşa geçirmek arkaly daşky gurşawy goramak boýunça Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkmenistanyň bilelikdäki tagallalary» mowzuk boýunça maslahat geçirildi. Ony BAE-niň ilçihanasy we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilelikde gurady.
Institutyň resmi saýtynda berilýän habara görä, maslahata Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Birleşen Arap Emirlikleriniň «Masdar» kompanýasynyň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlar we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahat mynasybetli institutyň baş binasynyň eýwanynda guralan sergide professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň taýýarlan ylmy taslama işleri, muzeý gymmatlyklary ýaýbaňlandyryldy. Seminaryň dowamynda «Masdar» kompanýasynyň dünýäde we orta Aziýa döwletlerinde amala aşyrýan taslamalary barada birnäçe çykyşlar diňlenildi.