Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ankara şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi

12:4321.09.2023
0
38299

20-nji sentýabrda Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň hem-de Türki dünýäniň ýaşlar geňeşiniň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi. Çärä türkmen we türk tarapynyň resmi wekilleri, jemgyýetçilik, ylym we medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri, şeýle hem türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösüş tapgyrlary barada maglumat berildi. Hususan-da, Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasatyna aýratyn ähmiýet berildi.

Çäräniň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa gatnaşanlar dostluk, hoşniýetli we özara peýdaly hyzmatdaşlyk esasynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň