Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Leningradyň goranyş we gabaw muzeýinde türkmenleriň şäheri nädip gorandygy gürrüň berler

17:3820.09.2023
0
30288

26-njy sentýabrda sagat 17:00-da Leningradyň Goranyş we gabaw Döwlet hatyra muzeýinde «SSSR-iň halklary Leningradyň azat edilişinde» medeni we bilim taslamasynyň çäginde gabaw halkasynyň açylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenler Leningradyň goragynda» çäresi geçiriler.

Belläp geçsek, şäher 1944-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda gabawdan çykdy. Leningrady azat etmek ugrundaky söweşlere gatnaşanlaryň arasynda türkmenler hem bardy.

Şol döwürde Türkmenistan SSR-inden 3 müň meýletinçi Gyzyl Goşuna çagyryldy, 180 müňden gowrak adam (ilatyň 10 göteriminden gowragy) uruş ýyllarynda fronta gitdi.

Aşgabatda, beýleki welaýat merkezlerinde we ýurduň uly ilatly nokatlarynda umumy güýji 7305 adam bolan birnäçe söweş batalýony döredildi. Türkmen halkynyň 15 müň ogul-gyzy ordendir medala mynasyp boldy, 11 adam Şöhrat ordeniniň doly eýesi boldy. 18 sany türkmen Sowet Soýuzynyň gahrymanlary boldular. Olaryň arasynda Gurban Durdy, Pena Rejepow, Annagylyç Ataýew, Muhammet Ataýew, Aýdogdy Tahyrow, Täçmämmet Nyýazmämmedow, Gylyçnyýaz Azalow, Oraz Annaýew, Mülki Baýramow, Berdimyrat Döwlethanow dagylar bar.

Türkmen halkynyň gahrymançylykly edermenligi üçin minnetdarlyk nyşany hökmünde Piskarewskoý gonamçylygynda ýadygärlik nyşany oturdyldy. Onda rus we türkmen dillerinde: «Leningrad söweşlerinde şehit bolan Türkmenistanyň gahrymanlaryna ebedi ýadygärlik» diýen ýazgy ýerleşdirilipdir.

Şeýle maglumatlary «Türkmenler Leningradyň goragynda» atly medeni we bilim çäresinde öwrenip bilersiňiz. Agşam döredijilik toparynyň we «Mekan» Türkmen medeniýet jemgyýetiniň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde edebi-sazly çykyşlar bilen bilelikde geçirilýär.

Duşuşyk Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Sankt-Peterburgdaky we Russiýa Federasiýasynyň demirgazyk-günbataryndaky wekillikleri, «Mekan» Türkmen medeniýet jemgyýeti we Russiýanyň milli kitaphanasy tarapyndan bilelikde guralýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň