Turkmenportal logo
20.09.23
5868358683
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ahalyň» AFK Çempionlar ligasyndaky ilkinji öý duşuşygyna 19 müňden gowrak janköýer ýygnandy
«Ahalyň» AFK Çempionlar ligasyndaky ilkinji öý duşuşygyna 19 müňden gowrak janköýer ýygnandy

AFK Çempionlar ligasy 2023/24-iň birinji tapgyryndan orun alan «Ahal» — «Al-Feýha» oýnuna 19966 sany janköýer stadionda tomaşa etdi. Bu barada duşuşyga gatnaşan «Turkmenportalyň» habarçysy habar berýär.


«Ahal» — «Al-Feýha» oýny «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirildi. Duşuşyga iordaniýaly referi Adam Mahadmehiň ýolbaşçylygyndaky eminler topary eminlik etdi. Oýun 1:0 hasabynda «Ahalyň» ýeňşi bilen tamamlandy. Ýer eýelerine ýeňiş getiren ýeke-täk goly 51-nji minutda Elman Tagaýew «Al-Feýhanyň» derwezesine geçirdi.


Oýundan soňky metbugat konferensiýasynda Saud Arabystanynyň «Al-Feýha» toparynyň baş tälimçisi Wuk Raşowiç «Ahaly» on ikinji oýunçy hökmünde birkemsiz goldamagy başaran türkmen janköýerlerine ýokary baha berdi.


Ýeri gelende bellesek, «Ahal» AFK Çempionlar ligasynyň indiki tapgyrynda BAE-de «Al-Aýnyň» myhmany bolar. «Al-Feýha» bolsa Özbegistanyň «Pahtakoryny» kabul eder. Duşuşyklaryň ikisi hem 3-nji oktýabrda geçiriler.