Türkmen wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçiriljek ýokary derejeli maslahata gatnaşar

17:3519.09.2023
0
29733

Türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçiriljek Täjigistan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe täze multimodal ulag geçelgesi boýunça Iş toparynyň birinji mejisine gatnaşar. Bu barada Täjigistanyň Ulag ministrligi habar berdi.

Mejlisiň çäklerinde bu halkara üstaşyr ulag geçelgesini ösdürmek, onuň üsti bilen ýük daşalyşyny artdyrmak we söwda düzgünlerini ýeňilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Mejlisde «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bölüm müdiri Begli Söýünow hem-de «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bölüm müdiri Aýmyrat Şiriýew Türkmenistana wekilçilik eder.

Çeşmede bellenilişi ýaly, bu ulag geçelgesi Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar sebitiniň üsti bilen Hytaýy Türkiýe bile baglanyşdyrar. Şunuň bilen baglylykda, Täjigistan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe täze multimodal ulag geçelgesi ýük dolanyşygynda dürli ulag serişdelelerini, şol sanda demir ýol, awtomobil, deňiz we howa ulaglaryny ulanmagy göz öňünde tutýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň