Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň rektory Sona Ogannisýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň konserwatoriýalarynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň tejribe alyşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda ilçi M.Aýazow ermeni talyplarynyň ýerine ýetirmekleri üçin Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň rektoryna N.Halmämmedowyň, W.Muhadowyň we beýleki meşhur türkmen kompozitorlarynyň eserlerini gowşurdy.
Taraplar iki ýurduň konserwatoriýalarynyň arasynda bilelikde çäreleri guramak, şol bir wagtda Türkmenistanda we Ermenistanda geçirilýän sazçylyk sungaty boýunça ylmy maslahatlara gatnaşmak, bilelikdäki ylmy makalalaryň üstünde işlemek boýunça ylalaşdylar.