18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Phýo bilen dar düzümde duşuşygy geçirildi. D.Gulmanowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky parlamentara gepleşikleriň ösüşindäki oňyn netijeleri bellediler.
Soňra Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy G.Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen birinji türkmen-koreý parlamentara geňeşmeleriň işine gatnaşdy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi barada jikme-jik pikir alyşmalaryň dowamynda taraplar bu çäräniň parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmek we ösdürmek üçin netijeli esas bolup hyzmat etjekdigini bellediler. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň parlamentlerinde işleýän türkmen-koreý dostluk toparlarynyň möhüm orny nygtaldy.
Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde we berkitmekde parlamentara gepleşikleriň aýratyn orny bellenildi diýlip, habarda aýdylýar. Şu nukdaýnazardan söwda we ykdysadyýet pydagy, nebit-gaz, nebithimiýa we ulag, medeni we ynsanperwer ulgamlary, şol sanda, lukmançylyk, bilim, esasan hem, Türkmenistanda koreý dilini öwrenmek ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Koreý kompaniýalarynyň Arkadag şäherinde senagat taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Mundan başga-da, taraplar 19-njy sentýabrda geçiriljek Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji mejlisiniň gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.