Top.Mail.Ru

Dünýäde awtoulag söwdasy 10 göterim artdy

17:0818.09.2023
0
24347

2023-nji ýylyň awgustynda dünýäniň awtoulag bazarynda täze awtoulaglaryň söwdasy 9,6 göterim artdy. Bu barada «LMC Automotive» konsalting kompaniýasyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Diňe soňky aýda dünýäde 7 million 302 müň awtoulag satyldy.

Awgustda iň köp awtoulag ýerlän ýurt 2 million 520 müň birlik görkeziji bilen Hytaý boldy (2022-nji ýylyň görkezijisinden 5,2 göterim artyk). Ikinji orunda 1 million 330 müň awtoulag satuwy bilen ABŞ ýerleşdi, ýurt bir ýyl mundan öňküden 17,1 göterim artyk ulag ýerledi.

Günbatar Ýewropada ulag söwdalary 2022-nji ýylyň degişli döwründäkiden 18,7 göterim (satylan 889,6 müň), Gündogar Ýewropada 31,9 göterim ( 290,4 müň), Günorta Amerikada 1,3 göterim (233,5 müň) ösüş görkezdi. Iri awtoulag bazarlary bolan Ýaponiýada 17,2 göterim ösüş gazanyldy, ýagny 337,4 müň, Kanadada 10,8 götetim ösüş gazanylyp, 148,6 müň awtoulag satyldy.

Şu ýylyň ýanwaryndan awgustyna çenli dünýäniň awtoulag bazarynda 57 million 495 müň awtoulag satyldy, bu 2022-nji ýylyň görkezijisinden 10,3 göterim köpdür.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň