Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen türgenleriniň birinji tapgyry Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Hançjou şäherine bardy

15:0018.09.2023
0
36302

Türkmen türgenleriniň birinji tapgyry 23-nji sentýabr — 8-nji oktýabr aralygynda ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Hançjou şäherine bardy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berdi.

Aziýa oýunlary — Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň howandarlygynda her dört ýyldan bir gezek geçirilýän sport ýaryşydyr. Oňa yklymyň 45 döwletinden türgenler gatnaşyp, olar sportuň 61 görnüşi boýunça medallar ugrunda göreşýärler.

Türkmenistan sekizinji gezek Aziýa oýunlaryna gatnaşýar. Hançjouda geçiriljek şu ýylky Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň hataryndan orun alan 67 türgen sportuň 12 sany — 3х3 basketbol, erkin we grek-rim göreşi, jiu-jitsu, dzýudo, kuraş, karate-do, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, agyr atletika we uşu görnüşleri boýunça medallar ugrundaky göreşe goşular.

Düzüminde boks, uşu we suwda ýümzek boýunça sportçylar bolan türkmen türgenleriniň birinji tapgyry Urumçiniň üsti bilen Aşgabatdan Hançou şäherinde bardylar. Ýoluň umumy dowamlylygy 8 sagada deň boldy.

Türkmen wekiliýeti bilen bir hatarda Hindistanyň we Täjigistanyň ýygyndy toparlary hem şol bir wagtda Hançjou şäherine bardylar.

Ýeri gelende bellesek, 2018-nji ýylda Jakarta we Palembang şäherlerinde geçirilen mundan ozalky Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndy topary bir kümüş we iki bürünç medala mynasyp bolupdy.

Türkmenistanyň ýygyndysyna kümüş medaly 53 kilograma çenli agram derejede ýaryşa gatnaşan agyr atletikaçy Kristina Şermetow getiren bolsa, 56 kilograma çenli agram derejede çykyş eden jiu-jitsuçy Kemal Meredow hem-de grek-rim göreşi boýunça 87 kilograma çenli agram derejede göreşen Şihazberdi Öwelekow bürünç medalyň eýesi bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň