Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona hoşallyk hatyny iberdi. ''Türkmenistan'' gazetinde çap edilen hatynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow:
Çuňňur hormatlanylýan Emomali Şaripowiç! Ilki bilen, hoşniýetliligiňiz, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Duşenbede geçen bäşinji konsultatiw duşuşygynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetini mähirli kabul edendigiňiz we oňa uly hormat görkezendigiňiz üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.
Bu çäreleriň dowamynda Siziň bilen çuň many-mazmuna, hoşniýetlilige, ynanyşmaga esaslanan duşuşygymyz türkmen we täjik halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezligini ýene-de bir gezek görkezdi. Biz bu gymmatlyklary diňe aýawly saklaman, eýsem, häzirki döwre getirdik, döwletara gatnaşyklaryň binýadyna öwürdik. Duşenbede doganlyk halklaryň umumylygynyň tassyklanmagynyň, dostlugy we ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge itergi berlendiginiň, ählumumy ösüşiň häzirki çylşyrymly şertlerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň agzybirliginiň, jebisliginiň, raýdaşlygynyň syýasy hem-de dünýägaraýyş esaslarynyň berkidilendiginiň çuň many-mazmuny bardyr. Siziň bu çärelerde myhmansöýerligiňizi, hormat goýmagyňyzy we açyklyk ýagdaýyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Bu bolsa köp derejede çäreleriň üstünlikli geçmegini, bellenen maksatlara ýetilmegini üpjün etdi - diýip belleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Emomali Rahmonyň Türkmenistana, onuň halkyna goýýan sylag-hormaty, dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygy Türkmenistanda oňa uly hormat getirdi. Türkmenler we täjikler diňe goňşular bolman, eýsem, medeniýeti, dini, däp-dessury, geçmişde, häzirki döwürde hem-de geljekde taryhy ykbalynyň umumydygyna akyl ýetirmek arkaly özara baglanyşýan doganlardyr.
Siziň maňa Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanyny gowşurmagyňyz we bu sylagyň Duşenbede ýokary derejede geçirilen gowşurylyş dabarasy hem biziň dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy ýene-de bir ýola subut etdi. Men türkmen-täjik gatnaşyklaryny berkitmek we ösdürmek ugrunda edýän ähli işleriňiz üçin Size tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Siziň Täjigistana baştutanlyk edýän döwrüňizde biziň syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde hyzmatdaşlygymyzda hil taýdan ýokary ösüş gazanyldy. Daşary syýasat ulgamynda, sebit we ählumumy durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek we berkitmek işinde özara hyzmatdaşlyk berkedi. Biz Türkmenistanyň Bitaraplygyny, halkara başlangyçlaryny Täjigistanyň goldaýandygyny görýäris we muňa ýokary baha berýäris. Men muny Siziň adyňyz, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek babatda edýän uly tagallaňyz, iki halkyň we döwletiň arasyndaky dostluga, hyzmatdaşlyga ygrarlydygyňyz bilen doly esasda baglanyşdyrýaryn.
Sizi Duşenbede ýokary derejedäki çäreleriň üstünlikli geçirilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlamaga we Türkmenistanyň hemişe Täjigistan bilen ýakyn gatnaşykda boljakdygyna, dostlukly gatnaşyklarymyzyň esasynda goýlan belent maksatlara berk eýerjekdigine ynandyrmaga rugsat ediň! - diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri täjik Liderine ýollan hatynda ýazýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hatynyň ahyrynda täjik Liderine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Täjigistanyň Baştutany hökmünde köpugurly döwlet we syýasy işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

