Turkmenportal logo
18.09.23
2502025020
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Azmun «Romadaky» ilkinji duşuşygyny geçirdi

Eýranly türkmen, hüjümçi Serdar Azmun Italiýanyň «Roma» toparyndaky ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi.


Azmunyň topary Seriýa A-nyň 4-nji tapgyrynda «Empolini» kabul etdi. Duşuşyk rimlileriň 7:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.


Duşuşykdaky gollaryň ikisini Dibala, galanlaryny bolsa Sanşeş, Kristante, Lukaku, Mançini we «Empoliniň» ýarym goragçysy Alberto Grassi öz derwezesine geçirdi.


Azmun 84-nji minutda Romelu Lukakunyň ornuna oýna girdi. Ol 9 minut çemesi oýna gatnaşdy.


«Roma» Italiýanyň çempionatynda 4 utuk bilen 12-nji orunda barýar. Azmunyň «Roma» bilen 26-njy awgustda şertnama baglaşandygyny ýatladýarys.