Türkmen filmleri XV Halkara «Ýüpek ýolunyň merjen dänesi» film festiwalyna gatnaşdyrylar

15:2516.09.2023
0
11057

29-njy sentýabrdan 2-nji oktýabr aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda XV Halkara «Ýüpek ýolunyň merjen dänesi» film festiwaly geçiriler. Bu ýyl film forumynyň esasy geçiriljek ýerleri Daşkent we Samarkant şäherleri bolar. Festiwala gatnaşmak üçin 30-a golaý ýurtdan — Merkezi Aziýa döwletleri, Russiýa, Ysraýyl, Horwatiýa, Ýaponiýa, Polşa, Fransiýa, Latwiýa, Çili, Koreýa, Estoniýa, Germaniýa, Portugaliýa, Singapur ýaly ýurtlardan kinorežisissýorlar ýüz tutdular.

Festiwalda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan çykarylan — Sahysalyh Baýramowyň režissýorlyk eden «Daragt» we Hekim Alowowyň režissýorlyk eden «Gyzyl alma» filmleri görkeziler. Bu barada ORIENT ýazýar.

Şeýle hem Arslan Eýeberdiýewiň «Istärin» we Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» filmleri türkmen kinosynyň günlerinde Özbegistanyň kinoteatrlarynda görkeziler.

Film forumy Ýewropa Bileleşiginiň film festiwalyny, şeýle hem türk döwletleriniň we GDA ýurtlarynyň kino forumyny öz içine alar. Şeýle hem festiwalyň çäklerinde italýan film geýimleriniň sergisi, daşary ýurt film günleri, okuw maslahatlary, ussatlyk sapaklary we meşhur kinorežisissýorlar bilen duşuşyklar bolar.

Daşkent film festiwalyna dünýä kino pudagynyň ýyldyzlarynyň gatnaşmagy hem däbine öwrüldi. Bu ýyl «Taksi» filmindäki Emilieniň keşbi bilen tanalýan fransuz aktýory Frederik Difenthalyň gelmegine we festiwalyň açylyş dabarasynda alypbaryjy bolmagyna garaşylýar.

Daşkent halkara film festiwaly geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň ahyryndan bäri Özbegistanda geçirilip, Aziýa, Afrika we Latyn Amerikasy kinorežisissýorlary üçin iň uly döredijilik meýdançasyna öwrüldi. 2021-nji ýylda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Karary bilen film festiwalynyň geçirilemesi gaýtadan ýola goýuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň