Turkmenportal logo
16.09.23
2267322673
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL — 2023: «Aşgabat» bilen «Şagadam» deňme-deň oýnady

15-nji sentýabrda 17-nji tapgyryň çäginde bir duşuşyk geçirilip, onda «Aşgabat» hem-de «Şagadam» toparlary duşuşdylar. Bu duşuşyk 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.


«Aşgabat» topary gazanan bu ýeňşinden soň toplan 17 utugy bilen 4-nji orna geçmegi başardy. Geçiren duşuşyklarynda 9 utuk toplan «Şagadam» topary 9-njy orny eýeleýär.


Bu tapgyrda geçirilmeli «Nebitçi» bilen «Köpetdagyň» hem-de «Arkadag» topary bilen «Altyn asyryň» aradyndaky duşuşyklaryň wagtlary süýşürildi. Bu tapgyryň çäginde wagtyndan öň geçirilen duşuşykda «Merw» toparynyň myhmançylykda «Energetikden» 2:0 hasabynda üstün çykandygyny ýatladýarys.


17-nji tapgyryň duşuşygy:


«Aşgabat» — «Şagadam» — 1:1


Gollar: 10 Jumamyrat Jumaýew – 56 Guwanç Abylow.