Turkmenportal logo
15.09.2023
3440934409
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dakkada bazarda dörän ýangynda 100-den gowrak dükan ýandy

Bangladeşiň paýtagty Dakkadaky bazarda ýangyn döredi, netijede, 100-den gowrak dükan ýandy diýip, «Habar 24» ýazýar. Ýangynyň ir säherde, heniz bazar işläp başlamanka ýüze çykandygy sebäpli, pida bolanlardyr ejir çekenler ýok.


Halas edijilere ýangyny söndürmek üçin 6 sagat gerek boldy. Ýangyna elektrik üpjünçiliginde dörän näsazlyk sebäp boldy.


Bangladeşde işewürlik merkezlerinde howpsuzlygyň düzgünleriniň berjaý edilmeýändig sebäpli ýangyn häli-şindi döreýär diýlip, habarda aýdylýar.