Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Hatyra» kitabynyň dördünji jildiniň täze neşiri çapdan çykdy

13:0614.09.2023
0
17087

«Hatyra» kitabynyň IV jildiniň gaýtadan işlenen ikinji neşirinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde wepat bolan, şeýle hem dereksiz ýiten türkmen gerçekleri hatyralanýar. Bu taryhy-resminama kitaby söweşjeň, durmuş edermenligi häzirki we geljek nesiller üçin gaýduwsyzlygyň, watançylygyň nusgasyna öwrülen türkmenistanly esgerlere bagyşlanýar. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, kitabyň gaýtadan işlenen IV jildi Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň çapa taýýarlamagynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilip, giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir.

Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygyna gabatlanyp çap edilen neşir Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şanly sene mynasybetli Gutlagy bilen açylýar.

“Hatyra” kitabynyň IV jildiniň täze neşiri Lebap welaýatynyň esgerlerine bagyşlanýar. Giriş makalasynda türkmen gerçekleriniň mertligi we ruhubelentligi, tylda zähmet çekenleriň edermenligi barada gürrüň berilýär.

Bar bolan maglumatlara görä, Beýik Watançylyk urşunda Türkmenistanyň gündogar sebitinden 21 müň 86 adam Watan ugrundaky söweşlerde gurban bolupdyr we dereksiz ýitipdir. Bu kitapda dereksiz ýiten, söweş meýdanlarynda gahrymanlarça wepat bolan, agyr ýaralanyp aradan çykan hem-de mähriban ojaklaryna gaýdyp gelmedik lebaply esgerleriň sanawlary elipbiý tertibinde ýerleşdirilipdir. Mundan başga-da, neşirde taryhy çeşmelerden alnan maglumatlar, dürli mazmundaky hatlar, esgerleriň suratlary, metbugat sahypalarynda çap edilen habarlar, uruş ýyllarynda ýazylan goşgular, Lebap welaýatynyň çäklerinde Watan goragçylarynyň hatyrasyna dikilen ýadygärlikleriň suratlary görkezilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň