Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow 14 — 15-nji sentýabr günleri Täjigistanda saparda bolar

00:5714.09.2023
0
31113

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça 14—15-nji sentýabr aralygynda Duşanbede saparda bolar. Bu ýerde türkmen döwletiniň Baştutany Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmek boýunça halkara gaznanyň sammitine gatnaşar diýip, «Asia-plus» elektron neşiri habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygynyň Gün tertibinde sebitde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, şol sanda syýasy gepleşikleri ösdürmek, söwda, maýa goýum, ulag, energetika ugurlarynda bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary öňe sürmek, oba hojalygy we ekologiýa, medeni we ynsanperwer alyş-çalşygy güýçlendirmek, şeýle hem häzirki zaman howpsuzlyk meselelerine we wehimlerine garşy göreşmek ýaly wezipeler bolar.

Birleşigiň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Aral deňzini halas etmek boýunça halkara gaznany esaslandyryjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýubileý duşuşygynda suw serişdelerini dolandyrmak we rejeli peýdalanmak babatynda sebit hyzmatdaşlygynyň aktual taraplaryna seretmek, şeýle hem gaznanyň işini has-da kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Wakalaryň netijelerine esaslanyp, köptaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň