Soňky habarlar

Arhiw

«KAMAZ» AGPJ Türkmenistanyň edara-kärhanalaryny tirkeg ulaglarynyň isleg bildirilýän görnüşleri bilen üpjün edýär

10:0713.09.2023
0
28658

Russiýanyň «KAMAZ» AGPJ awtoulag önümçilik kärhanasynyň Türkmenistandaky — KAMAZ FTC Corp. LLP şahamçasy ýurduň edara-kärhanalaryna ýörite tehnikalary — «KAMAZ-44108 6x6» tirkeg ulaglary bilen üpjün etmek hyzmatlaryny hödürleýär.

«KAMAZ-44108 6x6» ählumumy ýük tirkeg ulaglary ýük çekiji awtoulaglaryň düzüminde ýükleri daşamak üçin niýetlenendir. Bu ulagyň 280 at güýjüniň bolmagy oňa agramy 32 tonna çenli bolan ýükleri çekmäge mümkinçilik berýär, iki sany benzin bagy bolsa uzak aralygy geçmegi üpjün edýär.

«KAMAZ-44108 6x6» ýük çekiji awtoulagy gaýtadan işlenen kabinaly 44108 modifikasiýasyna eýedir.

Bu tirkeg ulaglary nebitgaz we gurluşyk pudaklarynda, şeýle hem ýaragly güýçleriň zerurlyklarynda giňden ulanylýar, ýolsuz ýerlerde dolandyrmakda uly mümkinçiliklere eýedir we adatdan daşary, oňaýsyz howa şertlerine (aýaz we yssy) çydamlydyr. Bu ulag kysymlary dürli görnüşli ýarym tirkegler — tentli, bortly ýarym tirkegler, sisternler bilen işläp bilýär.

Zerur bolan ýagdaýynda «KAMAZ FTC Corp. LLP» wekilhanasy «KAMAZ-44108 6x6» tirkeg ulaglaryny ýokary derejeli bejermek üçin özboluşly original ätiýaçlyk şaýlary hem-de düzüm bölekleri bilen hem üpjün edýär.

«KAMAZ» AGPJ-niň Türkmenistandaky wekilhanasy islendik ýörite tehnikalary sargyt etmegiň we mümkin boldugyça gysga wagtda getirmegiň mümkindigini habar berýär.

«KAMAZ» tehnikalaryna Türkmenistanyň gurluşyk, senagat we oba hojalygynda uly isleg bildirilýär. On müňlerçe «KAMAZ ulagy» ýollaryň, senagat we jemgyýetçilik desgalarynyň gurluşygynda, şeýle hem oba hojalygynda peýdalanylyp gelinýär.

2008-nji ýylda Aşgabatda ýurtdaky ilkinji «KAMAZ» okuw we hyzmat ediş merkezi açyldy, onda brendiň enjamlaryny abatlamak we hyzmat ediş, şeýle-de işgärleri taýýarlamak işleri amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda bolsa Türkmenistanyň welaýatlarynda bu hili merkezleriň ýene-de üç sanysy açyldy; şu ýyl Daşoguz welaýatynda olaryň bäşinjisiniň hem dabaraly ýagdaýda açylmagyna garaşylýar. Şeýle merkezleriň bolmagy «KAMAZ» enjamlarynyň işleýşinde — ätiýaçlyk şaýlaryny üpjün etmekden başlap, hünärmenler bilen maslahatlaşmaga çenli köp sanly meseleleri çözýär.

«KAMAZ» AGPJ-niň Türkmenistandaky salgylary:

  • ýerleşýän salgysy: Bitarap Türkmenistan şaýoly, 602-nji jaý, «KAMAZ» okuw we hyzmat ediş merkezi;
  • telefon belgisi: (+ 993 12) 75 22 04/05;
  • faks: (+993 12) 75 19 70;
  • elektron poçta salgysy: office@ftckamaz.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň