Turkmenportal logo
12.09.23
5658356583
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň gündogar sebitinde 3,5 müň maşgala üçin täze şäherçeleriň gurluşygy alnyp barylýar
Türkmenistanyň gündogar sebitinde 3,5 müň maşgala üçin täze şäherçeleriň gurluşygy alnyp barylýar

Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň Kerki, Halaç, Saýat we Çärjew etraplarynda täze şäherçeleriň gurluşygy alnyp barylýar. Ol 3,5 müň maşgalany täze jaýlar bilen üpjün eder diýip, «Jeyhun.news» ýazýar.


Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurduň gündogar sebitinde welaýat boýunça 10-dan gowrak hassahana, 40 saglyk öýi, 17 sany medeniýet öýi, 30 sport mekdebi we 15 sany hem sport desgasy guruldy.


Habarda bellenilişi ýaly, gurlup ulanmaga berlen binalar welaýatda gurulmagy göz öňünde tutulan iri taslamalaryň diňe bir bölegi bolup durýar.