Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly sungat ussatlary Duşenbede geçiriljek medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertinde çykyş eder

15:3012.09.2023
0
36678

Türkmenistanyň halk artisti Gülşat Gurdowa, aýdymçy Züleýha Kakaýewa, Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň artisti Guwanç Ýazmämmedow, şeýle hem «Näzli» we «Laçyn» tans toparlary Täjigistanyň Duşenbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Medeniýet we sungat ussatlarynyň Gala konsertinde ýurda wekilçilik eder. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Konsert 14-15-nji sentýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäginde geçiriler. Şeýle-de bu sammit bilen ugurdaşlykda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisi hem-de beýleki ýokary derejeli duşuşyklar geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň