Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Çalsana, bagşy!» bäsleşigine gatnaşyjylary gutlady

11:2312.09.2023
0
28933

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda guralýan «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirilýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bäsleşige gatnaşyjylara Gutlag iberdi. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany:

— Gadyrly ýaş bagşy-sazandalar! Häzirki döwürde türkmen medeniýeti we sungaty jemgyýetimiziň bitewüligini, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda medeni-ruhy galkynyşy döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, il içinden sungaty ösdürmäge höwesli ýaş bagşy-sazandalary ýüze çykarmak hem-de goldamak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly çuňňur many-mazmunly kitabynda türkmen halkynda aýdym-saz sungatynyň döreýşini Aşyk Aýdyň we Baba Gammar ýaly şahsyýetler bilen baglanyşdyrmagy milli sungatymyzyň taryhy kökleriniň gadymyýete uzaýandygyny alamatlandyrýar. Türkmen halkynyň milli saz gurallary bolan dutardyr gyjagyň sazlaşykly owazyndan döreýän joşgunly halk aýdym-sazlary toýlarymyzyň bezegidir, halkymyzyň ruhy syrdaşydyr — diýip belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda häzirki döwürde halypa bagşy-sazandalardan miras galan milli bagşyçylyk we sazçylyk sungatyna aýratyn buýsanylýandygyny, Pürli Saryýew, Çary Täçmämmedow, Jepbar Hansähedow, Çary Gurbanow, Ýagmyr Nurgeldiýew, Ata Ablyýew, Mäne Garaýew, Dörtguly Durdyýew, Gurbandurdy Jeňow, Hommat Jelilow, Nurjemal Adyýewa, Nabat Nurmuhammedowa, Soltan Atanepesow, Aşyrmämmet Dawudow, Molla Çäkliýew, Sapar Bekiýew, Ilaman Annaýew, Akjagül Myradowa, Sülgün Meretgeldiýewa, Öwlüýäguly bagşy, Juma Wellekow, Haýytly Mämmetdurdyýew, Han Akyýew, Oraz Bagybekow, Agamyrat Ýagmyrow, Amannazar Ataýew ýaly başga-da ençeme ussat bagşy-sazandalaryň bagşyçylyk hem-de sazçylyk sungatynyň ösmegine uly goşant goşandyklaryny, ussat halypalardan miras galan milli aýdym-sazlary häzirki wagtda ýaş bagşy-sazandalaryň ezberlik bilen ýerine ýetirýändiklerini nygtap belleýär.

— Türkmen halkynyň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bagşyçylyk we sazçylyk sungatymyzyň halkara derejedäki ykrarnamasyna öwrüldi. Türkmen dutary dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda orun alan milli baýlygymyzdyr. Halk aýdym-sazlary türkmen topragynyň mukaddesligini özünde jemleýän milli gymmatlygymyzdyr. Ýurdumyzyň ýaş bagşy-sazandalary ussat halypalardan gelýän bagşyçylyk ýolumyzy mynasyp dowam etdirip, geljekde aýdym-saz sungatymyzyň has-da kämilleşmegine öz goşantlaryny goşmalydyrlar — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda belleýär.

Döwlet Baştutany Gutlagynyň ahyrynda ýaş bagşy-sazandalara ýüzlenip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dabaraly geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaklary hem-de ýurduň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýar we olara berk jan saglyk, türkmen aýdym-saz sungatyny täze eserler bilen baýlaşdyrmakda döredijilik üstünliklerini arzuw edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň