Jokowiç «US Open-iň» finalynda Medwedewden üstün çykdy

10:5111.09.2023
0
27977

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Açyk çempionaty — «US Open-iň» finalynda russiýaly Daniil Medwedewi ýeňlişe sezewar etdi.

3 sagat 17 minut dowam eden final oýny 6:3, 7:6 (7:5), 6:3 hasabynda Jokowiçiň peýdasyna tamamlandy.

Şeýlelikde, Nowak Jokowiç öz karýerasynda dördünji gezek «US Open-iň» çempiony boldy. Ol mundan ozal 2011-nji, 2015-nji hem-de 2018-nji ýyllarda bu ýaryşda baş baýraga eýe çykypdy. Mundan başga-da, Jokowiç «uly tuwulga» ýaryşlaryndaky çempionlyklarynyň sanyny 24-e ýetirip, bu ugurda awstraliýaly Margaret Kort bilen deňleşdi.

Daniil Medwedew bolsa karýerasynda bäşinji gezek «uly tuwulga» ýaryşynyň finalynda korta çykyp, bu babatda russiýaly erkek tennisçileriň arasynda täze rekordyň eýesine öwrüldi. Mundan ozalky rekord «uly tuwulga» ýaryşlarynyň finalynda dört gezek korta çykan Marat Safine degişlidi.

Ýeri gelende bellesek «US Open» ýaryşynyň şu ýylky baýrak gaznasy 65 million amerikan dollaryna deň boldy.

Ýaryşyň çempiony Nowak Jokowiç 2000 reýting utugyna hem-de 3 million amerikan dollary möçberde pul baýragyna mynasyp boldy. Finalda ýeňlişe sezewar bolan Daniil Medwedew bolsa 1200 reýting utugy hem-de 1,5 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň