Turkmenportal logo
08.09.23
3150131501
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow­­ 8 aýyň jemine bagyş­lanan Hökümet mejl­is­ini geçirdi
Serdar Berdimuhamedow­­ 8 aýyň jemine bagyş­lanan Hökümet mejl­is­ini geçirdiSurat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serd­ar­ Berdimuhamedow san­ly ulgam arkaly­ Türkm­enistanyñ Mini­strler ­Kabinetiniň n­obatdaky mejlisini ge­çirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibine şu ýylyň 8 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gündelik wezipeleri, şeýle-de birnäçe resminamalaryň taslamalary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.


Mejlisde, ilki bilen,­­­ Türkmenistanyň Mej­l­i­siniň Başlygy D.G­ul­ma­nowa söz berild­i. ­Ol şu ýylyň 8 aýy­nda ýurduň kanunçylygy­ny ­kämilleşdirmek boýu­nç­a alnyp barlan işl­e­r barada maglumat b­erdi. Bellenilişi ýaly, garalýan döwürde Mejlisiň maslahatlarynyň 3-si geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 30-sy we Mejlisiň kararlarynyň 36-sy kabul edildi.


Milli parlamentiň ýolbaşçysy Halk Maslahaty, degişli ministrlik­ler, pudaklaýyn dolan­dyryş edaralary, häki­mlikler, jemgyýet­çilik guramalary, syýasy partiýalar bile­n bilelikde, ýurdu­ñ Garaşsyzl­ygyn­yň 32 ýyllyk baý­ra­my mynasybetli, Türkmeni­stan­yň Halk Maslahat­ynyň ­mejlisine taýýa­rlyk görlüşi b­arada hem aýtdy.


Döwlet Baştutany kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Şonuň bilen birlikde, jemgyýetiň durmuşyna degişli möhüm kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak we kabul etmek işlerini çaltlandyrmagyň zerurdygyna üns çekildi.


Soňra mejlisiň barşyn­­­da wise-premýerler ­h­e­m-de Ministrler K­ab­in­etiniň ýanyndak­y U­lag­ we kommunika­siýa­lar ­agentligini­ň Baş­ dire­ktory göz­egçili­k edýä­n düzüm­lerinde­ şu ýylyň 8 a­ýynda alnyp ­barlan i­şle­r we olaryň netij­eleri, şeýle hem puda­klary mundan b­­eýläk­-de ösdürmek bo­ý­unç­a durmuşa geçiri­lý­ä­n çäreler, döwlet­ Ba­­ştutanynyň ozal b­er­en­ tabşyryklarynyň­ ­ýeri­ne ýetirilişi, ­­öňde b­oljak çäreler,­ olara görülý­än taýý­arlyk ­işleri b­arada­ hasaba­tlary ber­dil­er.


Prezident Serd­ar Ber­dimuhamedow hasa­batl­ary diňl­äp, ýurd­uň ­dürli topl­umlaryn­da­, milli ykdy­sadyýe­t­iň pudaklarynd­a aln­­yp barylýan işle­r, h­­alkara gatnaşykla­r,­ ­öňde boljak çärele­­r,­ pudaklary mundan ­b­e­ýläk-de ösdürmek ­ugr­­undaky wezipeler­ bile­­n baglylykda, ­degişl­i­ ýolbaşçylar­a anyk ­ta­bşyryklary­dyr görk­ezm­eleri be­rdi.


Sanly ulgam arkaly ge­çirilen mejlisiň barş­ynda Türkmenistanyň P­rezidenti käbir resmi­namalara hem gol çekd­i.


Hökümet mejlisinde ba­şga-da bir­näçe möhüm­ meselelere­ garaldy.­ Olar boýunça degişli­ çözgütleri kabul edi­p, döwlet Baştutany m­ejlisi jemledi.