«Zyýat Hil» konditer önümleri tory Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny dürli hili tagamly hem-de dürli dabaralar üçin niýetlenen konditer önümleriniň we tortlaryň köpdürlüligine we tagamyna baha bermäge çagyrýar.
Bu ýerde saýlamak üçin «medowik», «napoleon», «snikers», «polýot», «Praga», «baunti» we beýlekiler ýaly meşhur tortlar, şeýle hem fantaziýa reseptleri boýunça tortlar, dürli huruşly ruletler, şek-şekiler bar.
Tejribeli konditerler kökeleriň we tortlaryň dürli görnüşlerini, türk pahlawalaryny, keksleri, maffinleri we süýjülikleri taýýarlaýarlar. Mundan başga-da, dürli dabaralar — toýlar, doglan günler, ýubileýler, halaýan multfilmlerine we ertekilerine laýyklykda guralan çagalar dabaralary üçin tortlary taýýarlamak üçin sargytlar kabul edilýär. Torty islendik dizaýnda we stilde sargyt etmek bolýar we ol gysga wagtda hem-de ýokary derejede taýýarlanylar. «Zyýat Hilden» hemişe elýeterli bahaly we datly, täze konditer önümlerini tapyp bilersiňiz.
«Zyýat Hil» konditer dükanlary her gün sagat 8:00-dan — 22:45-e çenli, hepdäniň ähli günleri açykdyr. Aşgabadyň islendik ýerine konditer önümlerini eltip bermek hyzmaty ýerine ýetirilýär.
«Zyýat Hil» konditer dükanlarynyň salgylary:
- Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý, telefon belgileri: (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
- Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefon belgileri: (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
- Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, telefon belgileri: (+993 12) 97 95 06 we (+993 62) 02 13 63.
Şeýle-de okaň: