Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ahalyň» Aziýa Çempionlar ligasyndaky öý duşuşyklary üçin akkreditasiýa başlandy

15:2407.09.2023
0
43873

«Ahal» futbol kluby AFK Çempionlar ligasyndaky öý duşuşyklary üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň akkreditasiýasynyň başlanandygyny mälim etdi. Akkreditasiýa 15-nji sentýabra çenli dowam eder diýlip, toparyň metbugat gullugynyň habarynda bellenilýär.

Akkreditasiýa üçin ýüz tutýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri habar beriş serişdesiniň ady, žurnalistiň ady, familiýasy we atasynyň ady görkezilen haty toparyň metbugat gullugyna (official@ahal-fc.com) ibermelidir. Şeýle-de hatyň ýany bilen 3×4 surat hem goşulmaly. Görkezilen seneden giç ugradylan ýüztutmalar hasaba alynmaz.

Ýeri gelende bellesek, 2023/24-nji ýyllaryň futbol möwsüminde «Ahal» AFK Çempionlar ligasynda Türkmenistana wekilçilik eder. Serdar Geldiýewiň tälim berýän topary Özbegistanyň «Pahtakory», Saud Arabystanynyň «Al-Feýhasy» hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Aýny» bilen birlikde «A» toparçada çykyş eder. «Ahal» turnirdäki ilkinji öý oýnuny 19-njy sentýabrda «Al-Feýha» bilen geçirer.a

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň