Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi. Kabul edişlik Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.
5-nji sentýabrda geçirilen bu çärä Hökümetiň, Türkmenistanyň syýasy we işewür toparlarynyň wekilleri, döredijilik işgärleri, Özbek jemgyýetiniň agzalary, diplomatik gullugyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri — jemi 150 töweregi myhman gatnaşdy diýip, ilçihana habar berýär.
Çärede türkmen tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmen-özbek hökümetara toparynyň egindeş başlygy Batyr Atdaýew esasy myhman hökmünde çykyş etdi.
Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi hem öz gezeginde çykyş edip, Özbegistanda ýurduň jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady durmuşynda alnyp barylýan giňişleýin özgertmeler barada aýtdy.
Dabara gatnaşyjylara soňky ýyllarda Özbegistanyň esasy makroykdysady üstünlikleri, ýurtda «ýaşyl energiýany», innowasion ykdysadyýeti we syýahatçylygy ösdürmekde bolup geçýän özgertmeler, şeýle hem özbek-türkmen gatnaşyklarynyň ösüşiniň häzirki ýagdaýy we geljegi barada maglumatlar berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan özbek halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady we syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda özgertmeleri durmuşa geçirmekde üstünlik arzuw etdi.
Çäräniň çäginde özbek ilçihanasy halk amaly sungatynyň we Özbegistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň sergisini gurady. Myhmanhananyň kabulhanasynda oturdylan monitorlarda Özbegistanda syýahatçylyk ugurlarynyň mahabat we wideo çykyşlary-da görkezildi.