Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen diplomaty Er-Riýad şäheriniň Sergiler merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

14:4106.09.2023
0
26449
Türkmen diplomaty Er-Riýad şäheriniň Sergiler merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Surat: mfa.gov.tm

4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi O.Çaryýew Er-Riýad şäheriniň Sergiler merkeziniň ýolbaşçysy Salman Alatawe bilen duşuşyp, Türkmenistanyň hem-de Saud Arabystanynyň arasynda iki ýurduň ykdysady üstünliklerini hem-de medeni gymmatlyklaryny sergiler arkaly mahabatlandyrmakda hyzmatdaşlyk etmek boýunça gepleşikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Çeşmede bellenilişi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasynda ýokary derejede dowam edip gelýän gatnaşyklaryň ýeten derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň ykdysady gazananlaryny hem-de medeni gymmatlyklaryny sergileriň üsti bilen görkezmek babatda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň