Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy (U-23) Aziýa Kubogy — 2024-iň saýlama tapgyryna girişýär

11:4206.09.2023
0
35569

«K» toparçadan orun alan futbol boýunça Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy (U-23) Aziýa Kubogy — 2024-iň saýlama tapgyryna girişýär.

Ahmet Agamyradowyň şagirtleri saýlama tapgyryna şu gün — 6-njy sentýabrda Taýwan bilen boljak oýun arkaly başlarlar. Oýun Indoneziýada bolup geçer. 12-nji sentýabrda bolsa türkmenistanly futbolçylar saýlama tapgyrynyň «K» toparçasynyň oýunlaryny özünde kabul edýän Indoneziýa bilen duşuşarlar.

Ýeri gelende bellesek, 23 ýaşa çenli bolan olimpiýa ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek Aziýa Kubogy — 2024-iň saýlama tapgyryna bije arkaly 11 toparça bölünen 43 ýygyndy gatnaşýar. Toparçalaryň ýeňijileri we ikinji orny eýelän toparlaryň iň gowy netije görkezen dördüsi 2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde başlanyp, 3-nji maýyna çenli dowam etjek Aziýa Kubogy — 2024-iň final tapgyryna ýollanma alarlar.

Aziýa Kubogy — 2024-iň saýlama tapgyry (U-23)

«K» toparça

1-nji tapgyr. 6-njy sentýabr (çarşenbe)

  • Taýwan — Türkmenistan
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň