Nowak nobatdaky rekordy täzeledi

11:2306.09.2023
0
24873

Dünýäniň ikinji raketkasy serbiýaly Nowak Jokowiç ýylyň soňky «uly tuwulgasy» «US Openiň» çärýek finalynda ýer eýesi Teýlor Fritsi ýeňlişe sezewar edip, ýarym finala adyny ýazdyrdy. 2 sagat 38 minut dowam eden oýun 6:1, 6:4, 6:4 hasabynda Jokowiçiň ýeňşi bilen tamamlandy.

Şeýlelikde, Nowak Jokowiç öz karýerasynda 47-nji gezek «uly tuwulga» ýaryşynyň ýarym finalynda oýnamaga hukuk gazanyp, bu ugurda şweýsariýaly rowaýaty tennisçi Rojer Federerden öňe geçdi hem-de ýeke-täk rekordça öwrüldi.

Ýeri gelende bellesek, şu ýyl 13-nji gezek «US Openiň» ýarym finalynda korta çykjak serbiýaly tennisçi bu ýaryşyň 3 çempiony hasaplanýar. Onuň bu gezekki ýarym finaldaky garşydaşy dünýä sanawynyň 80-nji basgançagyny eýeläp duran amerikaly Ben Şelton bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň