Turkmenportal logo
05.09.23
2290022900
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL — 2023: 16-njy tapgyryň bir duşuşygy öňünden geçiriler

Türkmenistanyň futbol boýunça milli we olimpiýa ýygyndylarynyň halkara duşuşyklaryny geçirýän günlerinde bu ýygyndylara düzüminde futbolçy çagyrylmadyk ýa-da az çagyrylan toparlar Ýokary liganyň çägindäki duşuşyklaryny geçirmegi dowam etdirerler.


Türkmenistanyň Futbol federasiýasy resmi saýtynda 16-njy tapgyrdaky «Merw» — «Şagadam» duşuşygynyň 8-nji sentýabra süýşürilendigini habar berdi.


Şol gün Mary şäherindäki 10 müň orunlyk Sport toplumynda geçiriljek duşuşyk sagat 17-de başlanar. Duşuşygyň baş emini Çarymyrat Gurbanow bolar.


3-nji sentýabrda 17-nji tapgyrdaky duşuşygyny hem öňünden geçiren «Merw» «Energetigi» 2:0 hasabynda ýeňip, ýaryş tertibinde sekizinji orna göterilipdi. 8-nji sentýabrda boljak duşuşykdaky garşydaş hem ýaryş tertibinde «Merwe» goňşy. Häzir sekizinji basgançakdaky «Merwiň» 9, dokuzynjylykdaky «Şagadamyň» bolsa 8 utugy bar.