Russiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy sentýabr aýyndaky okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň çäklerinde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer. Russiýanyň Futbol birleşiginiň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, bu duşuşyk «Первый канал» teleýaýlymynda göni ýaýlymda alnyp görkeziler.
Rus ýygyndysy 7-nji sentýabr güni Müsüriň Sues şäherinde ýurduň olimpiýa ýygyndysy bilen duşuşar. Waleriý Karpiniň şägirtleri 11-nji sentýabrda bolsa Doha şäherinde Kataryň milli ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.
Rus ýygyndysynyň 4-nji sentýabrda başlan okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň 12-nji sentýabrda tamamlanjakdygyny ýatladýarys.