Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşyklaryna Aşgabatda taýýarlanýar

14:3103.09.2023
0
23688

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy şu günler paýtagtyň «Nusaý» stadionynda FIFA-nyň sentýabr aýyndaky günlerinde Indoneziýanyň we Bahreýniň ýygyndylary bilen geçiriljek ýoldaşlyk duuşyklaryna taýýarlyk görýär. Bu barada «Orient» habar berdi.

Mergen Orazowyň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler düzümi milli ýygynda çagyrylan futbolçylar bilen hem fiziki, hem taktiki türgenleşik işlerini alyp barýarlar. Milli ýygyndydynyň sentýabr aýynda boljak ýoldaşlyk duşuşyklaryna taýýarlygyň tertibi eýýämden belli.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 4-nji sentýabrda Dubaý şäherine ýola düşer. Bu ýerden Kataryň üsti bilen Indoneziýa gidiler. Milli ýygyndy 8-nji sentýabrda Surabaýa şäherinde ýerli ýygyndy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Duşuşykdan soň ýene-de Dubaý şäherine gaýdyp geljek ýygyndy bu ýerde 12-nji sentýabr güni Bahreýniň ýygyndysy bilen güýç synanyşar.

Sentýabr aýynda türkmen ýygyndysynyň Gonkongyň ýygyndysy bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegine garaşylýardy. Ýöne Gonkongyň ýygyndysynyň Dünýä çempionaty — 2026-nyň saýlama tapgyrynyň çäginde türkmen ýygyndysy bilen bir toparçada duşuşyk geçirmek ähtimallygy göz öňünde tutulyp, iki ýygyndynyň arasynda meýilleşdirilen ýoldaşlyk duşuşygy ýatyryldy.

FIFA-nyň sentýabr aýyndaky günlerinde yklymda ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň kubogy — 2024-iň saýlama duşuşyklary hem geçiriler. Ahmet Agamyradowyň şägirtleri saýlama tapgyryň «K» toparçasynda Indoneziýanyň we Taýwanyň ýygyndylary bilen güýç synanyşarlar.

Milli ýygyndynyň baş tälimçisi Mergen Orazow ýygyndyda çykyş edip gelýän käbir futbolçylaryň ýurduň 23 ýaşa çenli ýygyndysynyň hatarynda yklym ýaryşynyň saýlama duşuşyklaryna gatnaşýandygy sebäpli, ozal ýygynda çagyrylmadyk ýa-da seýrek çagyrylan futbolçylaryň hem gözden geçiriljekdigini habar berdi. Bu ýagdaý milli ýygynda täze, has başarjaň wekilleriň birnäçesini goşup biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň