Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Er-Riýad şäherine bardy

14:0803.09.2023
0
29319

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Belarusyň Minsk şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny tamamlap, 2-nji sentýabrda dünýä çempionatynyň geçjek ýerine — Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherine bardy. Milli ýygyndynyň Belarusdaky türgenleşiklerine 9-njy awgustda badalga berlipdi.

«Orientiň» ýazmagyna görä, Türkmenistanyň Er-Riýad şäherine baran düzüminde 22 adam bar. Olaryň 15-si türgenlerdir. Has takygy, dünýä çempionatynda Seýitjan Mirzaýew 61, Bunýad Raşidow 67, Perhat Bagtyýarow hem 67, Bektimur Reýimow 73, Gaýgysyz Töräýew 81, Maksat Meredow hem 81, Şatlyk Şöhradow 89, Şahzadbek Mätýakubow 96, Döwranbek Hasanbaýew 102 kilograma çenli, Hojamuhammet Toýçyýew bolsa 109 kilogramdan ýokary agram derejesinde Türkmenistanyň erkekler ýygyndysyna wekilçilik ederler.

Ýurduň zenanlar ýygyndysynyň hatarynda 49 kilograma çenli agram derejäniň wekili Ýulduz Jumabaýewa, 59 kilograma çenli agram derejesinde Kristina Şermetowa, 76 kilograma çenli derejede Polina Gurýewa, ýene şol agram derejesinde Gülnabat Kadyrowa we 81 kilograma çenli agram derejesinde Anamjan Rustamowa dagylar bar.

Ertir — 4-nji sentýabrda başlanjak dünýä çempionatynda türkmen türgenleriniň çykyşlaryna 6-njy sentýabr güni Ýulduz Jumabaýewa badalga berer. Dünýä çempionaty 14-nji sentýabra çenli dowam eder. Ol Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrlaryň esasylarynyň biridir. Deslapky maglumatlara görä, dünýä çempionatyna 100-den gowrak döwletden 600-den gowrak türgen gatnaşar. Bu bolsa Olimpiýa reýtingindäki utuklar üçin ýiti göreşiň boljakdygyny görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň