Soňky habarlar

Arhiw

TÝL — 2023: «Energetik» ýene bir duşuşygyny öňünden geçirmeli bolar

17:0102.09.2023
0
34888

Şu günler Marynyň «Energetik» futbol topary AFK-nyň kubogyn gatnaşýan toparlar bilen geljek tapgyryň duşuşyklaryny öňünden geçirmeli bolýar.

Ýakynda 18-nji tapgyryň duşuşygynda «Altyn asyrdan» uly hasap bilen (0:3) utulan «Energetik» ertir — 3-nji sentýabrda Mary derbisinde «Merwi» kabul etmeli bolar. Bu duşuşyk, aslynda, 17-nji tapgyryň çägindäki duşuşykdyr.

Ýeri gelende bellesek, toparçalaýyn bäsleşigiň birinji tapgyrynda «Merw» topary myhmançylykda Täjigistanyň «Rawşan» topary bilen myhmançylykda duşuşar. Bu duşuşygyň 21-nji sentýabrda geçirilýändigini ýatladýarys.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ertirki duşuşyk barada aşakdaky maglumatlary berýär:

17-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy:

03.09.2023 ý. (ýekşenbe)

«Energetik» «Merw»

Geçirilýän ýeri: «Energetik» stadiony (Mary.)

Başlanýan wagty: 17:15

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň