Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy birnäçe şahadatnama mynasyp boldy

17:0601.09.2023
0
64197

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde bu Akademiýa şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «DUÝSBURG ESSEN» uniwersitetiniň «Iň gowy binagärlik» şahadatnamasyny Akademiýanyň rektoryna şu uniwersitetiň uly mugallymy Bernd Reinhold Rosin dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Soňra GFR-iň Fraungofer Energetika ykdysadyýeti we energetika ulgamy tehnologiýasy institutynyň geňeşçisi professor Harald Apel tarapyndan ýygnananlaryň el çarpyşmasy astynda Akademiýanyň rektoryna şu institutyň durnuklylyk we öňdebaryjy tehnologiýa baradaky şahadatnamasy gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň