Şu gün Aşagabat şäherinde döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly öňdengörüjiligi bilen 2008-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda döredilen bu bilim ojagynyň binalar toplumynyň açylyş dabarasy akademiýanyň döredilmeginiň 15 ýyllyk ýubileý dabarasy bilen gabat geldi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elekron nusgasynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň umumylykda 7 gektar meýdany öz içine alýan binalar toplumy Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli döwlet dolandyryşymyzy kämilleşdirýän döwlet gullukçylary üçin Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ajaýyp serpaýdyr. 600 diňleýjä niýetlenilen binalar toplumynyň merkezi binasy 5 sany ýerüsti gatdan we 1 sany zemin gatdan ybaratdyr. Baş bina ýokary amatlyklary bolan dürli okuw otaglaryny, maslahatlary geçirmek üçin, uly we kiçi zallary, kitaphanany, muzeýi we iş otaglary öz içine alýar. Okuw otaglarynyň ählisi diňleýjileriň ýokary hilli we netijeli bilim almagyny üpjün etmek üçin zerur bolan enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Akademiýada 2 sany fakultet, 7 sany kafedra hereket eder.
Akademiýanyň binalar toplumynda ýörite 2 gatly sport binasy guruldy. Naharhana, umumy ýaşaýyş jaýy, gulluk jaýy, ýapyk we açyk awtoduralgalar bolsa bu ýerde zähmet çekýänleriň hem-de okaýanlaryň amatly iş we durmuş şertlerini üpjün edýär.